PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ TÜRKMENISTANYM
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy tarapyndan Türkmenistanyň «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatdyr Diýarym eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme kitap sergisinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň köňül ylhamyndan we çuňňur paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli. Döwlet kitaphanasynyň baý kitap hazynasynda bar bolan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Bu guralan göçme kitap sergisinden talyp ýaşlar özleriniň gerekli soraglaryna jogap tapdylar. Öz bilişimiz ýaly, türkmen halky ynsanperwerlige, asylly ýörelgelere belent sarpa goýýar. Esasan hem, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini asyrlaryň dowamynda kämilleşdirip gelipdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylyk söýüjilik ýörelgesi mynasyp ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlary Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty, dünýä ýurtlary bilen dost-doganlyk gatnaşyklary uly many-mazmuna eýedir.
Sergä gatnaşyjy talyplar we mugallymlar bize ajaýyp durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.