KITAPHANA SYNY


KITAPHANA SYNY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümine täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

Kitaphana synynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölümine täze gelip gowşan Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar˗Watanyň daýanjy» atly eseriniň Ýapon dilinde terjime edilen kitaby bilen tanyşdyryldy.

Tanyşdyrylyşykda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli okyjy ýaşlaryň arasynda «Ýaşlar˗Watanyň daýanjy» atly kitabyny wagyz etmek maksady bilen kitabyň many–mazmunyny giňden açyp görkezdiler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmegi netijesinde ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlar esasynda mynasyp ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça zerur bolan işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň geljegi bolan ýaşlara ählitaraplaýyn goldawlar berilýär.

Kitapda ýurdumyzyň ýaşlarynyň häzirki döwürde ýeten sepgitleriniň, gazanan üstünlikleriniň jemi jemlenýär. Baý many-mazmunly bu kitabyň geljekde diňe bir ýaşlarmyz üçin ýol-ýörelge bolman, eýsem ähli ýaşdaky watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döretjekdigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde biziň her birimiziň işimizde hem gymmatly gollanma boljakdygyna berk ynanýarys.

Kitaphana synynyň ahyrynda ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent başlary aman, janlarynyň sag bolmagyny, il–ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.