ÖSÜŞLERE BESLENEN TÄZE DÖWRÜŇ BUÝSANÇLY ZENANLARY
Türkmenistanyň Zenanlar Birleşigi bilen Mary welaýat Zenanlar bölüminiň bilelikde geçirmeginde «Ösüşlere beslenen täze döwrüň buýsançly zenanlary» atly okuw maslahaty geçirildi, soňra maslahata gatnaşyjylar halyçy zenanlar bilen duşuşdylar. Bu duşuşyga ýolbaşçy zenanlar, halypa halyçylar we olaryň şägirtleri ýaş gyzlaryň hem birnäçesi gatnaşdylar.
Mary welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň ylmy işgäri Dünýägözel Gurbanjumaýewa bu çärelere gatnaşyp, üstünden ençeme asyrlar geçen türkmen halylarynyň taryhy, olaryň saklanylyşy, öwrenilişi hakynda gyzykly gürrüňleri berdi. Duşuşykda özüniň gözbaşyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan haly türkmeniň kalby, onuň ömür kerweni öçmejek sungaty, onuň şöhratly taryhy nepisligi, gözelligi, inçeligi hakda sorag- jogaply gürrüňdeşlik gurnaldy. Şeýle hem «tegelek stoluň» teleýazgysy geçirildi.
«Gülden näzik daşdan berk bolan» sungat gudraty bu gün kämilligiň hem gözelligiň baýdagy bolup dünýä çykýar, türkmen halkyny beýik zehinli millet hökmünde dünýä tanadýar. Türkmen halkynyň zenanlarynyň gyz çagasynyň edep-terbiýesiniň gözbaşy bolan, milletimiziň döwrüni, öý törüni bezeýän türkmen halysy gymmatly miras bolup nesilden-nesle geçýär!