SUNGAT OJAGYNDA TELEÝAZGY
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde teleýazgy geçirildi. Ýazgyny «Aşgabat» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip şol teleýaýlymyň alyp baryjysy Ogulgerek Karajaýewa alyp bardy. Muzeýiň Medeni aň-bilim işleri bölüminiň esasy hünärmeni Miwegül Resulberdiýewa türkmeniň şekillendiriş sungatynda öçmejek yz goýan Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň ömri we döredijiligi barada gürrüň berdi. Aýhan Hajyýewiň eserleri türkmen nakgaşçylyk sungatynyň gaznasyny düzýär. Türkmen şekillendiriş sungatynyň milli mekdebiniň düýbüni tutujylaryň biri bolmak bilen, ýaş sungat nesilleriniň kemala gelmegine uly goşandyny goşan ussatdyr.
Ylmy barlag bölüminiň uly ylmy işgäri Güljeren Guljaýewa Heýkeltaraş Saragt Babaýewiň döredijiliginde gazanan üstünlikleri dogrusynda gürrüň berdi. Saragt Babaýew granitden, agaçdan, bürünçden hem-de mermerden ýatda galyjy keşpleri dörediji monumental we stanok heýkeltaraşydyr. Ol dürli žanrlarda işleýär. Onuň portret žanrynda döreden işlerinde milli äheňler aýdyň duýulýar. Ýurduň çeperçilik durmuşyna girişip, täze güýç bilen diňe bir döwletiň çeperçilik mekdeplerinde däl, eýsem, ussahanalarynda hem özüni mugallymçylyk işine berýär. Saragt Babaýew häzirki döwürde ýurduň monumental haşam ýadygärlikleriniň döredilmegine gatnaşyp, gaýtalanmajak döredijilik şahsylygyny erkin ýüze çykarýan zehinli heýkeltaraşlaryň ýaş neslini terbiýeleýän ussatdyr.