PARAHATÇYLYK ADAMZAT KALBYNYŇ OWAZY


PARAHATÇYLYK ADAMZAT KALBYNYŇ OWAZY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagyr ýaşaýyş toplumynyň kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Parahatçylyk adamzat kalbynyň owazy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda eziz Watanymyzda Halkara Bitaraplygymyzyň giňden bellenilip geçilmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarymyzy pugtalandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy netijeli ösdürmek esasy ýörelgeleriň biri bolup durýandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Halkara Bitaraplyk bu biziň bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymat bolup hyzmat edýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň abadançylygy ugrunda uly tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman