MARY WELAÝAT KITAPHANASYNA GEZELENÇ
Golaýda Mary welaýat kitaphanasynyň hem-de Mary welaýat maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda welaýat kitaphanasyna guralan gezelenç çäresi bagtdan paýly, sylagdan serpaýly ýaşlara täsirli duýgulary bagyş eýledi.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynyň» 18-nji bendini durmuşa geçirmek maksady bilen guralan gezelenç çäresinde ýaşlar kitaphananyň dürli bölümleri bilen içgin tanyş boldular. Kitaphananyň Galkynyş, ýaşuly nesiller üçin gündogar äheňinde gurnalan we syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar ýerleşdirilen okalga otaglary, şeýle hem Türkmen kitabynyň taryhy muzeýi oňa gatnaşan ýaşlarda ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary galdyrdy.
Gezelenç çäresine gatnaşanlaryň her biri ýaşlarymyzyň okamagy, öwrenmegi we döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

