HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI


HALYPALARYŇ USSATLYK MEKDEBI

Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Halypalaryň ussatlyk mekdebi» atly gepleşigiň täze sany ýazgy edildi. Muzeýiň bölüm müdiri Söýün Sähetgylyjowyň alyp barmagynda ýazgy edilen bu gepleşik türkmen amaly-haşam sungatyna bagyşlandy.

Il-günüň kalbyna deňelýän nepis we owadan halylary dogrusynda muzeýiň bölüm müdiri Aýgül Bekmiýewa çykyş etdi. Ol öz çykyşynda medeni mirasymyzyň iň ajaýyp sungat eseri hökmünde barha kämilleşdirilýän türkmen halysynyň nepisligi, gözelligi barada giňişleýin gürrüň berdi. Türkmen gelin-gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän haly önümleriniň hem halkymyzyň durmuşyny bezeýändigini belledi.

Gobilen sungatynyň özboluşlylygy bilen muzeýiň baş gaznalary goraýjysy Mähri Atdaýewa tanyşdyrdy. 70-nji ýyllardan başlap türkmen nakgaşçylarynda uly gyzyklanma döreden gobilenleriň taryhyny gürrüň berdi. Häzirki türkmen suratçylarynyň tejribesinde giňden ulanylýan bu sungatyň kompozision gutardyş we owadan bezeg aýratynlyklaryny açyp berdi. Gobilen ussatlary hökmünde giňden tanalýan A.Hojagulyýewiň, W.Gyllyýewanyň, K.Baýlyýewiň döredijiligi bilen tanyşdyrdy.