SAGDYN JEMGYÝET-BAGTYÝAR DÖWLET


SAGDYN JEMGYÝET-BAGTYÝAR DÖWLET

Lebap welaýat kitaphanasynyň we welaýatyň bedenterbiýe, sport baradaky baş müdirliginiň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn jemgyýet-bagtyýar döwlet atly tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

Örän täsirli geçen söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan «Sport-sagdynlyk we bagtyýarlyk» guralan kitap sergisi gatnaşyjylarda täsir galdyrdy. Söhbetdeşligiň dowamynda ata Watanymyzyň geljegi bolan nesilleriň sagdyn berk-bedenli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.