DÜNÝÄ EŞRETINIŇ SAGLYKDYR BAŞY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda Aşgabat şäheriniň iňlis dillerini ýöriteleşdirilen 83-nji orta mekdebinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlap «Dünýä eşretiniň saglykdyr başy» atly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda hünärmenlerimiz ýurdumyzda nesil saglygyny goramakda edilýän aladalar barada buýsançly gürrüňleri berdi. Şeýle-de saglygyň tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydygyny, hereketde bolmagyň, dogry iýmitlenmegiň hem-de sport bilen meşgullanmagyň ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän we bu ugurda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi./b>
