Köýtendag döwlet goraghanasy


Köýtendag döwlet goraghanasy



Köýtendag goraghanasy äpet Pamir-Alaý dag ulgamynyň Gissar gerşiniň bir şahasy bolan Köýten dagynyň günbatar eňňidinde ýerleşýär. Goraghananyň tutýan meýdany 27139 ga barabardyr.

Goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady – Köýtendagyň we oňa golaý ýerleriň täsin tebigatyny goramakdan hem-de ekoulgamlaryny dikeltmegiň ylmy esaslaryny işläp düzmekden ybaratdyr. Şeýle hem onuň döredilmegi, juda seýrekligi üçin Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl kitabyna girizilen burma şahly dag tekäni we beýleki jandarlary goramak zerurlygy bilen baglydyr.

Goraghananyň we onuň töwereginiň howa şertleri edil tutuş tebigy keşbi ýaly diýseň özboluşlydyr. Ygallaryň ortaça bir ýyldaky mukdary 402 mm, onuň möçberi dag eteklerinde peselip, beýiklikde bolsa 700-800 mm ýetýär. Bahar aýlary ýagyş ýaganda, derelerde sil akymlary döreýär.

Köýtendagyň ady onuň ýer üstüniň mahsus aýratynlygyny bilen häsiýetlendirýär. Ol “kuhi” diýen pars we “teň” diýen türk sözlerinden emele gelip, “geçmesi kyn dag” diýen manyny aňladýar. Hakykatdan hem bu daglyk ýerler köp sanly jülgedir dereler bilen dilkawlanandyr. Olaryň iň uzyny Hojaçilgizbaba (28 km). Has owadany çuňlugy 600 m çemesindäki Daraýderedir. Onda hozyň, üzümiň, kawkaz dagdanynyň, injiriniň, sütükli kerkawyň, zerewşan arçasynyň tokaýlary ýerleşýär. Gün şöhlesi düşmeýän agaçlaryň aşagynda ýylyň bütin dowamynda sowuk dury suwly çeşme akyp geçýär. Belentligi 27 m bolan täsin şarlawuk ýerleşýän, eňňitleriň kert Umbardere jülgesi görenleri haýran edýär.


Köýtendagyň ösümlik örtügi dag eteklerinde ot ösümlikleriň toplumynyň, ýokarda bolsa agaç we gyrymsy agaçlaryň, hususan-da, zerewşan arçasynyň agdyklyk edýän guşaklygy ýerleşýär. Dagyň üstki böleginde ýassyk şekilli tikenli ýarym gyrmyzy ösümlikler ösýär. Goraghananyň ösümlik dünýäsinde 900 ýüze golaý ösümlikler bolup, şolaryň käbiri endemik görnüşlidir. Daglardaky toprak örtügini ýel tozatmagyndan we suwuň zaýalamagyndan goramakda ösümlik örtüginiň esasan hem tomusky örtüginiň ähmiýeti örän uly.

Goraghana umumy meýdany 90 müň ga çemesi bolan üç sany Garlyk, Hojapil, Hojaburjybelent çäkli goraghanalary degişli. Köptaraplaýyn Garlyk çäkli goraghanasy (40 müň ga) Köýtendagyň günorta ýapgydyny we Amyderýa çenli daglyk ýerleri öz içine alýar. Ol dünýä meşhur Garlyk gowaklar toparyny, melhem suwly Gaýnarbaba çeşmesini, kör balygyň ýaşaýan ýerasty kölüni , Sinjir, Ketteköl, Abdere, Bulakdere ýaly çuň we gözel jülgeleri goraýar. Hojapil çäkli goraghanasy Köýtendagyň goraghana girmedik demirgazyk bölegini, Köýten jülgesiniň ýokary guşaklygyny we Gowurdak pes daglygynyň demirgazyk-gündogaryny öz içine alýar. Ol takmynan 150 mln ýyl mundan öň ýaşan dinozawrlaryň aýak yzlaryny gözel deredäki “Kyrkgyz” gowagyny, şarlawukly Umbar deräni, Ketteköli, Aýgyr, Horjun ýaly karst kölleri, Köýten obasyndaky köp asyr ýaşan çynarlary hem arnap tokaýjygyny, Garadepäniň ýanyndaky pisse tokaýjygyny goraýar.

Hojaburjybelent tebigy çäkli goraghanasy Köýten obasynyň demirgazyk – günbatarynda ýerleşip, Sakyrtmany, Hojaburjybelendi, Tahtadagy öz içini alýar. Bu ýerde meşhur pisse tokaýlygy we dagyň deňi-taýsyz owadan tebigy künjekleri goralýar. Çäkli goraghanalaryň ýatlananlarynyň köpüsi dünýä, sebit, döwlet we ýerli ähmiýetli tebigy ýadygärliklerdir. Goraghanada haýwanlaryň sanyny we göçüşini anyklamak, ösümlikler barada maglumat toplamak, dag asty gowaklaryny we tebigatyň beýleki döreden täsinliklerini öwrenmek, ilatyň arasynda ekologiki bilim hem terbiýe bermek işleri geçirilýär. Toplanan ylmy maglumatlaryň netijeleri, kitaplarda, ýygyndylarda, gazet hem žurnal sahypalarynda çap edilýär.

Bulardan başga-da bu ýeri dag jynslarynyň ýalaňaç gatlagyna has hem gumdaşlarynyň gyzyl reňkdäki gatlaklaryna baýdyr we belli botanik M.G.Popow “Tutuş landşaft ajaýyp gyrmyzy gyzyl reňkde, ýalpyldap duran gök asman bolsa, bu künjegi dürli reňklerden dolduryp gözellik berýär ” diýip belläp geçýär. Bu ýerde dürli reňkli dag gözelleriniň birnäçesi, ýagny ýalpyldawuk çigildem, çyryşlaryň birnäçe görnüşleri we başga uly bezeg ösümlikleri ösýär. Ýokarda aýdylanlaryň hemmesi bu ýeri Türkmenistanda ilkinji “Köýtendag” milli tebigy seýilgähini döretmäge mynasyp ýeriň biri diýip belläp görkezýär.

Köýtendagdaky Hojapil belent tekizligi (dinozawrlaryň belent tekizligi)



Köýtendagdaky Hojapil belent tekizligi – bu tutuş ýurdumyza meşhurlyk getiren dinozawrlaryň yzlarynyň birnäçesiniň saklanyp galan ýeridir. Bu ýerde dinozawrlaryň 2500-den gowrak yzlary tapyldy. Ýerli ilat tarapyndan bir wagtlar tapylan bu yzlary asyrlar boýy Isgender Zülkarnaýnyň goşunlarynyň münüp gelen pilleriniň yzydyr öýdüp çaklapdyrlar. 1980-nji ýylda dagyň demirgazyk günbatar ýapgydynda ýerleşýän bu yzlar alymlar tarapyndan öwrenildi. Dinozawrlar 150 million ýyl ozal, ýagny ýokarky Ýura döwrüne degişli wagtlarda ýaşapdyrlar. Ol yzlarda üç barmagyň şekili aýdyň görünýändir. Uly yzlaryň diametri 70-80 sm deňdir. Ädimleriniň arasy bolsa 1,5 m deňdir. Şeýlelikde, bu äpetleriň boýunyň 8-12 m, bedeniniň uzynlygynyň 5 m çenli, tutuş agramynyň bolsa 5-10 t çenli ýetenligi çaklanylýar. Şol ullakan yzlaryň ýanyndaky ownujak, uzynlygy bary-ýogy 45 sm bolan yzlar uly ylmy gyzyklanma döredýär. Megerem, bu yzlar dinozawrlaryň çagalarynyň yzlary bolsa gerek. Uzynlygy 500 m, ini 200 m gowrak bolan tekizlikde ýokary Ýura döwrüne degişli dürli hili ýagdaýda saklanyp galan yzlaryň 2500-den gowragy bardyr. Diňe biziň ýurdumyzda türkmen alymlary tarapyndan tapylan bir mahal ýitip ýok bolup giden jandarlaryň yzlary bütin dünýäni haýrana galdyrýar.

Köytendagyň şarlawuklary



Köýtendagyň iň meşhur we iri şarlawuklarynyň biri – Hojapil obasyndan 6-7 km günorta-günbatarda ýerleşýän Umbardere şaglawugydyr. Bu şaglawugyň gapdalyndan Hojapil obasyndan “Gurşun känlerine” çenli eltýän ýol geçýär. Şol ýerden hem dag jülgesi başlanýar. Jülgeden 1-1,5 km demirgazykda bolsa şarlawuk ýerleşýär. Umbardere şaglawugynyň suwlary öz gözbaşyny ereýän garlardan we ýagyşlardan alýar. Şonuň üçin hem suw akymynyň güýji üýtgäp durýar. Şarlawuk Karel görnüşli şarlawuklara degişlidir. Umbardere şarlawugynyň suwlary egrem-bugram jülgeden 400 metr uzynlykda akyp geçýär we Köýtendag derýasyna guýýar.

Şaglawugyň beýikligi - 27 metrden geçýär. Bu ýerler syýahatçylary gyzyklandyrýan landşaft ýadygärliklerine degişli. Köýtendagda Umbardereden başga-da şarlawuklar bar, emma olar barmasy kyn ýerlerde ýerleşýär.