PARAHATÇYLYK–MILLI ÝÖRELGELERIMIZIŇ ROWAÇLYGY


PARAHATÇYLYK–MILLI ÝÖRELGELERIMIZIŇ ROWAÇLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda «Parahatçylyk–milli ýörelgelerimiziň rowaçlygy» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň dabarasy parahatçylygyň baýramy hökmünde bütin dünýäde bellenilip, bagtyýar halkymyzyň kalbynda uly ruhubelentlik, buýsanç duýgularyny döredip, bu baýramçylyk dostlugy, jebisligi, agzybirligi, parahatçylygy has-da berkitýändigi barada gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda ýer ýüzünde parahatçylygyň berkararlygy, deňhukukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmegi ugrunda bimöçber tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.