KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI


KITAPHANAMYZA TALYP ÝAŞLARYŇ GEZELENJI

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Saçly Dursunow adyndaky ýörite orta mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda gezelenç geçirildi.

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasyna Saçly Dursunow adyndaky ýörite orta mekdebiniň talyplarynyň, mugallymlarynyň gelmegi kitaphana hünärmenlerini has-da begendirdi, buýsandyrdy. Talyplar kitaphananyň ähli bölümlerine aýlanyp , döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary basgançaklara götermegi öz öňlerinde borç hasaplaýarlar.

Çäräniň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.