ARKADAG ŞÄHERI-EKOLOGIÝANYŇ WE SAGLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY


ARKADAG ŞÄHERI-EKOLOGIÝANYŇ WE SAGLYGYŇ AJAÝYP SAZLAŞYGY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň hem-de Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Arkadag şäheri-ekologiýanyň we saglygyň ajaýyp sazlaşygy» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasaty ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, şol sanda daşky gurşawy goramaga we aýap saklamaga hem-de rejeli peýdalanmaga gönükdirlendir. Köpetdagyň ajaýyp dag eteklerinde ýerleşýän gözel şäher-Arkadag şäheri diňe bir öňdebaryjy sanly, maglumat-aragatnaşyk ulgamlarynyň ösen derejesiniň beýany bolman, eýsem, «ýaşyl» tehnologiýalara esaslanýan «akylly» şäheriň aýdyň nusgasyna öwürlendigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkyny baky bagtyýarlygyň gujagynda ýaşadýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.