GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «HAKYDA GÖWHERI» KITABYNDAN
Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Durdy Gylyç adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda Göwheri» atly kitaby esasynda söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Alym Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly kitaby merdana halkymyzyň paýhasly ýoluny we olaryň dünýägaraýyşlaryny öwrenmekde möhüm orun eýeleýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de bu kitapda milli mirasyň gymmatlyklaryny dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak ýaly belent maksatlardan ugur alyp, merdana halkymyzyň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän şöhratly ýoly, dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýändigi barada söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň geljegini ösüşli menzillere alyp barýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.