KÖŇÜL OWAZY


KÖŇÜL OWAZY

Dutar–türkmen halkynyň köp asyrlyk saz medeniýetiniň aýrylmaz bölegidir. Hemişe bagşylaryň il arasynda hormat-sarpasy belent bolupdyr. Türkmen owazy teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip ýaýlyma goýberilýän «Köňül owazy» atly gepleşigiň bu sany Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýazgy edildi. Gepleşigi Türkmen döwlet Maliýa institutynyň talyby Şöhrat Inerow alyp baryp Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby Selbinyýaz Ataýewa aýdym aýtdy. «Janymyň jananasy», «Armanly», «Sözüm bar saňa», «Joş olmasyn», «Gelýär», «Döneýin», «Janymdan» ýaly türkmen halk aýdymlar bilen çykyş edildi. Gepleşige gatnaşanlar türkmeniň saz sungatyny ösdürmekde döredip berýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.