SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY


SÖZ MÜLKÜNIŇ BOSSANY

Dünýä medeniýetinde, taryhynda öçmejek yz galdyran türkmen halky, adamzat äleminde özüniň kämil derejede kemala getiren gymmatlyklaryny sowgat berdi. Her bir ýurdy, her bir halky äleme tanadýan ilkinji alamat–milli medeniýetdir. Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň bilelikde guramagynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Söz mülküniň bossany» atly gepleşigi Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde ýazgy edildi. «Altyn asyr» Türkmenistan teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edilip, gepleşigi şol bölümiň alyp baryjysy Selbi Amangulyýewa alyp bardy. Şeýle-de muzeýiň hünärmeni Aýjemal Gatyýewa, kitaphananyň hünärmenleri Gülşat Gurbanowa, Güljeren Çarmanowa dagylar ahalteke bedewleriniň milli miras hökmünde gadymky şöhraty dikeldilip, olaryň köpeldilmegi üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi dogrusynda çykyş etdiler.