KITAP BILEN DOSTLAŞALYŇ ATLY SÖHBETDEŞLIK
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda «Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda» Aşgabat şäheriniň № 12-nji çagalar bagynda «Kitap bilen dostlaşalyň» atly söhbetdeşligi geçirdi.
Söhbetdeşligiň dowamynda kitaphana hünärmenimiz körpelere kitabyň ähmiýeti barada gürrüň berdi. Kitap–bu jadyly dünýä. Kitapda sözleriň gudraty bilen birlikde akyl-paýhas bar. Kitap bize durmuşda köp zady öwredýär. Hünärmen söhbetdeşlikde çaga diline düşnükli bolan türkmen halk ertekilerinde beýan edilýän ýagşy, erbet (ýaramaz) gylyk-häsiýetli gahrymanlaryň başdan geçirýän wakalary esasynda çagalara durmuşda dostluk-doganlyk gatnaşygynda bolmak, her bir ýerde –çagalar bagynda, mekdepde hem birek-birege kömek bermek, ululara hormat goýmak, hiç wagt ýalan sözlemezlik dogruçyl bolmak barada düşünje berildi. Geçirilen çärede kitaphananyň hünärmeni söhbetdeşligiň adyna degişli kitaplardan sergi gurnady.
Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaş nesilleriň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi hem-de olaryň ukyp başarnyklaryny doly açyp görkezmekleri üçin ähli şertler döredip, berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.
