SAGDYN JEMGYÝET-SAGDYN NESIL
Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Balkan welaýat kitaphanasy we Balkanabat şäheriniň saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygy bilen bilelikde «Sagdyn jemgyýet-sagdyn nesil» atly gürrüňdeşlik geçirildi. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ägirt uly işleriniň amala aşyrylýanlygy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanýandygy we «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýänligi baradaky gürrüňler nygtalyp geçildi. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň aladasy netijesinde döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan haýyrly işleri barada hem buýsançly gürrüňlere giň gerim berildi.
