«PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ TÜRKMENISTANYM» ATLY GÖÇME SERGI
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygynyň bellenilýän döwründe ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilýän baýramçylyk dabaralary ýokary guramaçylykda dowam etdirilýär.
Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň guramagynda «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde gurnalan «Parahatdyr Diýarym eziz Türkmenistanym» atly göçme sergide muzeý gaznasynda saklanylýan milli gymmatlyklarymyz görkezildi.
Sergi talyp ýaşlarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny çuňňur öwrenmekde, milli mirasymyza bolan söýgini döretmekde, hormat goýmakda has-da ähmiýetli boldy. Taryhy-tebigy, medeni-ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän muzeý gymmatlyklaryndan düzülen sergiler ösüp gelýän ýaşlarymyzda milli gymmatlyklary öwrenmäge, gorap saklamaga, wagyz etmäge we ony geljekki nesillere ýetirmekde terbiýeçilik ähmiýetli uly baý çeşme bolup durýar. Bu işleriň sakasynda medeniýetimiziň we milli mirasymyzyň hak howandary türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys.

