HALKARA PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK ÝYLY MYNASYBETLI KONSERT ÇYKYŞLARY GEÇIRILDI.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň aýdym-saz toparlarynyň Aşgabat şäherinde ýerleşýän ýokary okuw mekdeplerinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýyly mynasybetli “Parahatçylyk sazy dost-doganlyk aýdymy” atly Estrada kamera orkestriniň sazandarlyk etmeginde konsert meýilnamasy bilen birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde myhmançylykda boldular. Mart we aprel aýlarynyň dowamynda aýdym-saz topary Türkmenistanyň daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş unwersitetinde, Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar unwersitetinde, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Türkmen döwlet maliýe institutynda hem-de S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde bolup ajaýyp eserleri ýokary derejede ýerine ýetirdiler.
Orkestryň meýilnamasynda türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň nusgawy eserleri ýer alyp, aýdymlaryň dürli dillerde konserwatoriýanyň talyp ýaşlary hem-de şol ýokary okuw jaýynyň talyp ýaşlary tarapyndan ussatlarça ýerine ýetirilmegi diňleýjilerde haýranlyk döretdi.
Ýerine ýetirilen eserleriň arasynda N.Halmämmedowyň “Maňa seniň gözlerinden gitme ýok”, “Aşgabat” aýdymlary, “Adele-Rolling in the deep”, “Sway” iňlis aýdymlary diňleýjiler köpçüligi tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Orkestryň ýolbaşçy Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamow ýerine ýetirilen eserleri ýokary derejede taýýarlamagy her bir okuw mekdebinde diňleýjilerde aýdym-saz eserleriniň täsirliliginiň artmagyna getirdi. Diňleýjileriň hoşal bolmagy geljekde hem bu topar bilen watanmyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy wasp edýän täze eserleri öwrenmeklige ruhlandyrýar.
Her bir ýokary okuw mekdebinde myhamançylykda bolan topar konsertiň ahyrynda watanmyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tutumly işlerini wasp edýän “Şöhrat Arkadaga, Arkadagly Serdara” aýdymyny bu ýere ýygnanan diňleýjiler bilen bilelikde ýerine ýetirdiler.