DÖREDIJILIK AGŞAMY


DÖREDIJILIK AGŞAMY

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda watanymyzyň her bir güni parahatçylyga, asudalyga we aýdym-sazly dabaralara beslenýär. Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýamyzda Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýewiň hem-de Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda Kamera orkestri bilen bilelikdäki döredijilik agşamy geçirildi. Bu döredijilik agşamyna talyp ýaşlar, halypa mugallymlar we birnäçe sungat ussatlary bilen bir hatarda Türkmenistanyň Gahrymany Saragt Babaýew hem gatnaşdy.

Döredijilik agşamy Tahyr Ataýewiň ýolbaşçylygynda Kamera orkestriniň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň “Kerwen” atly eseri bilen açyldy. Şol sazandarlykda Çary Nurymow “Näzlim uz maňa”, A. Babajanýanyň “Благодарю тебя”, Ernesto de Kurtis “Вернис в Соренто”, Suhan Tüýliýewiň “Ýeldim tut” ýaly aýdymlary Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew tarapyndan ussatlyk bilen ýerine ýetirildi we tomaşaçylaryň gyzgyn el-çarpmalaryna mynasyp boldy. Kamera orkestri hem bu döredijilik agşamynda özüniň ajaýyp sazlary I. Klimowyň “Romans”, A.Babajanýan “Noktýurn” we Türkiýe halklarynyň sazy bolan “Üsküdara” eserleri bilen döredijilik agşamyna gatnaşanlarda ylham joşgunyny döretdi.

Ajaýyp sesi, mahmal owazy bilen dünýäni haýran galdyrýan halypa mugallym, Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew özüniň ýene-de birnäçe Nury Halmämmedowyň “Maňa seniň gözleriňden gitme ýok”, A.Pahnutowanyň “Melodiýa”, M.Magomaýewiň “Синняя вечность”, Azerbaýjan aýdymy “Sensiz”, Baýram Hudaýnazarowyň “Älemgoşar”, Georgiý Swidirowyň “Maritana” we Daňatar Hydyrowyň “Ýaýla hüwdüsi”, “Gyz daragynyň gürpüldisi”, “Gyzlaryma”, “Şadyýan gün” atly ajaýyp aýdymlaryny birkemsiz ýerine ýetirip tomaşaçylaryň ruhuny galkyndyrdy we gyzgyn söýgüsine mynasyp boldy.

Aýdym-sazly döredijilik agşamy myhmanlara we sungat ussatlaryna ruhy täsirini ýetirdi. Şeýle ajaýyp zamanada medeniýetimiziň, sungatymyzyň mundan beýläkde pajarlap ösmegi üçin uly aladalary edýän, biz ýaşlara okamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri mundan beýläkde rowaçlyklara beslensin.



Arzuw AŞIROWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby