«PÜRLI SARYÝEWIŇ USSATLYK MEKDEBI» ATLY KONSERT
Asyrlaryň dowamyndan bäri dutar, türkmen medeniýetiniň aýrylmaz bir bölegi bolmak bilen, ol türkmen aýdym-saz sungatynyň ähli žanrlarynda ulanylýar. Hormatly Arkadagymyzyň dutaryň aýratynlygyny şeýle sözler bilen belläp geçýär: “Sungat dawadan üstün çykýar, dutar bolsa, ýaragdan rüstem gelýär”.
Mähriban Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa” atly ajaýyp eserinde: “Türkmen halkynyň aýdym-saz mirasy köpdürli özboluşly gatlaklaryň we ugurlaryň ajaýyp öwüşgini, aýdym-saz görnüşleriniň we ýetirijilik usullarynyň täsin sazlaşygy bolup durýar” diýip şeýle sözler bilen türkmen sazyna uly baha berýär. Bagşy-sazandalara şeýle uly ynam bildirilip, olary dünýä ýüzüne tanatmakda bolsa uly işler alynyp barylýar we häzirki wagta çenli dowam etdirilýär.
Ýaňy ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky ýörite sazçylyk mekdep-internadynyň uly zalynda meşhur sazanda Türkmenistanyň halk artisti, ajaýyp dutarçy we gyjakçy, kompozitor hem-de halypa Pürli Saryýewiň doglan gününiň 125 ýyllygy mynasybetli “Pürli Saryýewiň ussatlyk mekdebi” atly ajaýyp dabaraly konsert geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirligi tarapyndan gurnaldy.
Konsertiň başynda Pürli Saryýewiň ömri döredijiligi barada beýan edýän wideofilm görkezildi. Dabaranyň dowamynda belli dutar we gyjak sazlary ýaňlandy. “Bagşyly il–bagtly il” diýilişi ýaly, nirede bagşy sazanda köp bolsa, şol ýurt hem döwletli döwranlydyr.

Konsert Pürli Saryýewiň döreden “Lälezar bolar” atly aýdymy bilen açyldy, ony Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewa, Begenç Urpekow hem-de bäş welaýatdan jemlenen dutarçylaryň topary ýerine ýetirdiler.
Soňra Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Meret Täçýew bilen bilelikde dutarçy oglanlar topary “Alagaýyşly” türkmen halk sazyny ýerine ýetirdiler. Konsertiň dowamynda dutarçy gyzlar we oglanlar tarapyndan goňşy döwletlerinden “Balbraun” we “Adaý” ýaly gazak sazlary uly höwes bilen ýerine ýetirildi. Bu sazlar tomaşaçylarda aýratyn bir täsirini galdyrdy we gyzgyn el çarpyşmalara mynasyp boldy.
Türkmen halkynyň gadymy medeniýetinden göz baş alyp gaýdýan milli ýörelgesi halypa-şägirtlik ýolydyr. Häzirki wagtda bolsa “Halypa-şägirtlik” ýoly ýokary derejede durmuşa geçirilýär. Munuň aýdyň mysaly bolsa Balkan welaýatynyň ýörite sungat mekdebiniň mugallymy Amangeldi Durdyýew we şägirdi Güljemal Ataýewa bilen bilelikde “Müşgül” türkmen halk sazyny ýerine ýetirmeginde görmek bolýar.
Dabarany mahmal sesli, şirin owazyly Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň “Gelsin” atly türkmen halk aýdymy bilen dowam etdi. Oňa Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjimow we Meret Täçýew sazandarlyk etdiler.
Aýdym-sazly dabarada ýaňlanan Pürli Saryýewiň repertuaryndaky “Nar agajy” atly türkmen halk sazy hem ýatdan çykmajak pursatlaryň birine öwrüldi. Halypanyň çalan bu eserini konsertde Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Osman Güjimow hem-de Tahyr Ataýewiň çeper ýolbaşçylygyndaky kamera saz gurallarynyň orkestri ýerine ýetirdiler. Bu düzümdr eser ilkinji gezek ýaňlandy.
Şeýle-de dabaranyň dowamynda “Bibi”, “At çapar”, “Kerem geldi”, “Harazman”, “Akja apam”, “Heserli”, “Gülzar eýledi”, “Ýandym”, “Balsaýat” ýaly türkmen halk aýdymlary we sazlary halk ýaňlandy. Konserda Daşoguz welaýatynyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinden Mekan Jumageldiýew, Urpekow Begenç, Hudaýberdiýewa Gurbanbibi, Lebap welaýatynyň çagalar sungat mekdebinden Sähetdurdy Annadurdyýew, Akmyrat Hoşyýew, ondan başga-da Kuwwat Ýowbasarow, Kerim Nyýzow, Serdar Bäşimow, Didar Guwançmyradow ýaly mugallymlar we talyp ýaşlar işjeň gatnaşdylar.