ŞAHYR ZENAN BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY


ŞAHYR ZENAN BILEN DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kiçi zalynda “Aýdym, dirižýorlyk we saz mugallymçylygy” fakultetiniň “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Keýik Artykowanyň gurnamagynda we alyp barmagynda şahyr zenan, “Edebiýat we sungat” gazetiniň edebi işgäri Gurbanjemal Annakowa bilen aýdym-sazly, söhbetli döredijilik duşuşygy geçirildi.

Ilki bilen zenan şahyrymyz Gurbanjemal Annakowa özüniň ömri we döredijilik ýoly barada gürrüň bermegi üçin söz berildi. Ol sözüniň başynda döredijilik duşuşygyny gurnaýjylara öz hoşallygyny bildirdi. Soňra şahyr zenanymyz saz sungatynyň we edebiýatyň aýrylmaz baglydygyny, sungat adamlarynyň ruhy dünýäleriniň ýakynlygyny aýtdy. Eger aýdymçy-sazanda içki dünýäsini, tebigaty, watanyny sazlary, aýdymlary bilen wasp edýän bolsa, şahyrlar özleriniň goşgulary, şygyrlary, bilen wasp edýärler. Söz sungatynda tanymal şahyr Gurbannazar Ezizowyň bolşy ýaly, saz sungatynda hem Nury Halmämmedow bar. Olar bir-biri bilen ýakyn dost bolup, birnäçe ajaýyp eserleri döreden saz bilen sözüň araçäginde, merkezinde duran, taryhda yz galdyran beýik şahsyýetlerdir. Özüň hakda gürrüň ber diýdiň welin Nury Halmämmedowyň: “Özüm hakda sazymdan gowy aýdyp biljek ýok.” diýen sözi ýadyma düşdi. Bizde-de şeýle özümiz hakda şygrymyzdan gowy aýdyp biljek ýok diýdi.

Gurbanjemal şahyr Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gäwers obasynda daýhan maşgalasynda dogulypdyr. Soňra maşgalasy Änewe göçüp gelipdir. Emma onuň çagalygy Gäwers obasynda geçýär. Orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň “Türkmen dili we edebiýat” fakultetine okuwa girýär. Okuwy üstünlikli tamamlap, orta mekdepde işläp başlaýar. Döredijilik bilen meşgullanany sebäpli gazeda işe çagyrypdyrlar. Hünäri boýunça dilçi, edebiýatçy we edebiýat mugallymy. Soňra öz durmuş ýoly hakynda döreden “Terjimehal” atly goşgusyny okap berdi.

Döredijilik duşuşygy Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Fortepiano” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Täzegül Jumaýewanyň sazandarlyk etmeginde “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 5-nji ýyl talyby Serdar Orusowyň ýerine ýetirmeginde Çary Nurymowyň sazyna Anna Kowusowyň sözlerine “Gözleriň seniň” aýdymy bilen dowam etdi.

Soňra bolsa Gurbanjemal mugallymdan ilkinji döreden goşgusy barada we sizde galdyran täsirleri diýip soradylar. Ol hem orta mekdepde 5-nji synpda okaýan wagty, edebiýat dersinden ders bäsleşiginiň döwlet tapgyryna gidende, gyş pasly bolansoň gar ýagyp ýerler ap-ak gara bürelipdi. Şonda mugallymynyň itergisi bilen gardan täsirlenip ilkinji akja gar barada düzüpdir.

Şahyrdan beýleki şahyrlaryň goşgularyndan täsirlendiňizmi diýip soralanda, ol antik döwründen başlap, türkmen edebiýaty, Ýewropa edebiýatynyň ähli şahyrlaryň şygyrlaryny okap çykdym. Olar hem mende uly täsir galdyrdy.

Duşuşykda Gurbanjemal Annakowanyň döreden “Eje” atly goşgularyny “Kompozisiýa” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýläle Gulmyradowanyň, “Unutmak üçin söýmadim” atly goşgusyny “Estrada” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Mährijemal Käbäýewanyň, “Gel eje” atly goşgusyny “Sazşynaslyk” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Gülnar Ataýewanyň labyzly, çeper okaýyşda ýerine ýetirmegi diňleýjilere ruhy lezzet paýlady.

Soňra bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň talyplary “Wokal” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Mähri Tekäýewanyň, “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ýusup Meredowyň öz düzen goşgularyny okap bermegi hem-de Gurbanjemal Annakowanyň olaryň döreden şygyrlaryna beren gowy bahalary duşuşyga aýratyn öwüşgin berdi.

Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda “Saz mugallymçylygy” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Ýazmyrat Bäşimowyň hem-de 2-nji ýyl talyby Selbinýaz Ataýewanyň ýerine ýeytirmeginde “Duşurmazmy?” atly ajaýyp aýdym ýaňlandy.

Şeýle konsertleriň, bäsleşikleriň, saz festiwallarynyň döredijilik duşuşyklarynyñ yzygider geçirilmegi biz talyp ýaşlara zehinlerimizi açyp görkezmäge uly mümkinçilik bolup durýar.



Altyn ÝANGYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Sazşynaslyk» hünäriniň 3-nji ýyl talyby