SAGDYNLYK–BAKY BAGTYÝARLYKDYR
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Gurbannazar Ezizow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Sagdynlyk–baky bagtyýarlykdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.
Gürrüňdeşlikde eziz Watanymyzda raýatlarymyzyň saglygyny gorap saklamak esasy wezipeleriň biri bolup durýandygy, berk bedenli sagdyn nesilleriň kemala gelmegi ugrunda bimöçber aladalaryň edilýänligi, şeýle-de ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler. Mundan başga-da Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Çaý-melhem hem ylham» atly kitaplarynda beýan edilen gözel tebigatymyzda ösýän birnäçe melhem otlaryň hem-de melhem çaýlaryň ynsan saglygyna uly täsiriniň bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Gürrüňdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.