HEMIŞELIK BITARAPLYK BAKY PARAHATÇYLYGYŇ SARSMAZ BINÝADY


HEMIŞELIK BITARAPLYK BAKY PARAHATÇYLYGYŇ SARSMAZ BINÝADY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň bilelikde guramagynda «Hemişelik Bitaraplyk baky parahatçylygyň sarsmaz binýady» ady bilen Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda maslahat geçirildi.

Çärede çykyş edenler Bagtyýar halkly, berkarar döwletli Watanymyzda toýlar-toýa, baýramlar-baýrama ulaşýandygyny, «Halkara parahatçylyk ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylan şu ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň şatlyk-şowhuny, Watanymyzy şeýle berkarar döwletde, halkymyzyň agzybirliginiň dabaralanmasy bolup dünýä dolýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de merdana ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygy, halkymyzyň ählumumy parahatçylygy pugtalanmagynda, durnukly ösüşiň we abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda agzybir halkymyza eşretli zamanany peşgeş berip, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň binýadyny pugtalandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.