XII TÜRKMEN-GERMAN FORUMY: SAGLYGY GORAÝŞYŇ ÄHLUMUMY MESELELERINI ÇÖZMÄGE BILELIKDÄKI GOŞANT
8-nji aprelda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde sanly ulgam arkaly guralan saglygy goraýyş boýunça XII Türkmen-german forumy öz işini tamamlady.
Geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu iki günlük forumyň şu ýyl möhüm senä-Bütindünýä saglyk gününe gabat gelendigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Oňa Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň, şol sanda Halkara okuw-ylmy merkeziniň, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkeziniň, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň, welaýat Saglygy goraýyş müdirlikleriniň hünärmenleri, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar.
Forumyň açylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýola goýlan şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlyk soňky ýyllaryň dowamynda hünärmenleriň we alymlaryň arasynda tejribe alyşmak üçin möhüm meýdança öwrülip, häzirki zaman lukmançylygynyň birnäçe möhüm ugurlarynda netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine, milli saglygy goraýyş ulgamynyň kämilleşdirilmegine, öňdebaryjy tehnologiýalaryň we enjamlaryň ornaşdyrylmagyna, ylmy işgärleriň, ýokary hünär derejeli hünärmenleriň taýýarlanylmagyna ýardam berýär. Mýunhen şäheriniň Grosshadern uniwersitet hassahanasynyň professory Klaus Parhofer duşuşyga gatnaşyjylary mübärekläp, türkmen-german forumyny yzygiderli esasda geçirmek başlangyjy, şeýle hem türkmenistanlylaryň abadan durmuşyny üpjün etmek maksady bilen milli saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmäge berýän ägirt uly ünsi üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize çuňňur hoşallyk bildirdi.
«Türkmenistan» gazeti