ŞYGRYÝETIŇ ÜLKERI
«Ylham» medeni-seýilgäh toplumynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanyp «Şygryýetiň ülkeri» ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy.
Bu göçme kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuş mekdebi bolan ajaýyp eserleri, şeýle-de Gara Seýitliýewiň döreden eserleri, ol hakynda bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Öz bilişimiz ýaly, Gara Seýitliýewiň eserlerinde merdana atalarymyzyň bitiren işlerine beýik buýsanç, döwrüň ruhunyň aýdyň şuglaly ahwaly, bagtyýar ertirlere bolan synmaz ynam edil halynyň nepis nagyşlary kimin çitilipdir. Şonuň üçin-de ajaýyp şygyrlary taraşlan şahyryň ýaşan döwri, halkyň aňyýet örüsi, edebiýat çemenzarlygy öwrenilende, onuň kämil eserlerine gaýta-gaýta ýüzlenilýär.