SAGLYK-ABATLYK


SAGLYK-ABATLYK

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň, Arkadag şäheriniň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi hem-de Arkadag teleýaýlymy bilen bilelikde gurnamagynda «Saglyk-abatlyk» atly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan «Saglyk» döwlet maksatnamasy beýleki degişli maksatnamalar, şäherlerde we oba ýerlerinde lukmançylyk we sport düzümlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamalar yzygiderli durmuşa geçirilýändigi, Türkmenistanda asylly däbe görä bütindünýä saglyk güni bellenilýänligi şeýle hem Alym Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitaplaryndan saglyk barada rowaýatlara ser salyndy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Watanymyzyň gülläp ösmegi, geljegimiz bolan ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşda sagdyn ösüp ulalmaklary, abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda alyp barýan işleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.