BILIMLI NESIL-KUWWATLY WATAN
Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda Arkadag şäheriniň iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiniň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Bilimli nesil-kuwwatly watan» atly gürrüňdeşlik geçirildi.
Ylmyň we bilimiň ösüşleriň binýadydygy, geljegiň röwşen ýoludygy ykrar edilen hakykatdyr. Hut şonuň üçin hem ýaş nesilleriň ylymly-bilimli bolmagyny üpjün etmek, olary Milli ruhda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri hökmünde kesgitlendi. Pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, kämilleşip gelen asylly ýörelgelerimizde bilim öwrenmek, kitap okamak mukaddeslik saýylypdyr. Çuňňur many-mazmuny özünde jemleýän bu asylly ýörelge ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde has-da döwrebap ösdürilýär. Çünki bu ýörelgäniň süňňüni ylymly-bilimli iliň ösüşleriň ýolundan ynamly gadamlar bilen öňe barýandygy, netijede, öz röwşen geljegini gurýandygy baradaky hakykat düzýär.
Gürrüňdeşligiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň nurana geljegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.