YNSANYŇ SAGLYGY–ÝURDYŇ PARAHATÇYLYGY


YNSANYŇ SAGLYGY–ÝURDYŇ PARAHATÇYLYGY

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy bilen Türkmen döwlet bedenterbiýe we Sport institutynyň bilelikde guramagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Ynsanyň saglygy–ýurdyň parahatçylygy» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde ýurdumyzda bedenterbiýe we sporta aýratyn ähmiýet berilýändigi hem-de ynsanperwerligiň belent däplerini dabaralandyrýan Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilip geçilýändigi barada giňişleýin söhbet edilip, şeýle-de saglyk diňe bir adam üçin däl, eýsem tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdygy, beden taýdan sagdynlygyň, berkligiň we güýç-kuwwatyň abadan durmuşyň gözbaşy saglyk bolup durýandygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhybelentligiň mekanyna öwürýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.