«GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY


«GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE» ATLY WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamaklarynda «Gyz gözelligi edebinde» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Bu çärä Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Aşgabat şäheriniň saglyk öýüniň wekilleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde sagdyn durmuş ýörelgeleri, zähmetsöýerlik, arassa ahlaklylyk, ýaly häsiýetleri terbiýelemek, türkmen jemgyýetiniň binýady bolan maşgala mukaddesligini gorap saklamak we hormatlamak, maşgalalaryň abadan ýaşamagyna gönükdirilen ösüşleri, üstünlikleri, pederlerimizden miras galan milliligimiz, däp-dessurlarymyz şeýle-de, ynsany bezeýän beýik adamkärçilik häsiýetleri dogrusynda çykyş edenler bellediler.