BAKY BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞINI NUSGALY ÝOLY
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasy ýakynda jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde «Altyn asyr» teleýaýlymy bilen bilelikde «Baky Bitaraplyk–parahatçylygyň we ösüşini nusgaly ýoly» atly söhbetdeşlik geçirdi. Hemişelik Bitaraplygymyzy we onuň gazananlaryny pugtalandyrmakda parahatçylyk, söýüjilik, hoşniýetli goňşyçylyk, dost-doganlyk ýörelgelerine öňe sürýän Diýarymyzda alynyp barylýan beýik işler hakynda hem buýsançly söhbetler edildi.
Çärämiziň ahyrynda oňa gatnaşanlar ynsan ömürleriniň, nesilleriň geljeginiň ygtybarly goragy bolan parahatçylygy dünýä ýaýýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary beýan edildi.