ÝAŞLARYŇ PAÝHAS ZEHININDEN DÖRÄN SERGI


ÝAŞLARYŇ PAÝHAS ZEHININDEN DÖRÄN SERGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň her bir güni toý baýramlara beslenýär. Ynha şu günki günümizde hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli “Parahat ýurdumda türkmen bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly döredijilik sergisi dabaraly ýagdaýda açyldy. Bu sergide akademiýamyzda bilim berilýän ähli ugurlar boýunça türkmen bedewlerine bagyşlanan ajaýyp eserler giňden sergilenilýär. Olardan nakgaş, dizaýn, haly, keramika, zergärçilik eserlerini, sungaty öwrenijileriň hem albomlaryny, senenamalaryny we kitapçalaryny görmek bolýar. Zehinli, döredijilikli talyp ýaşlarymyzyň, mugallymlarymyzyň paýhas zehininden çykan ajaýyp eserler serginiň görküne görk goşýar.

Türkmen halkynyň ykbalynda möhüm ähmiýete eýe bolan ýyldyrym deý ýyndam bedewlerimiz barada Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleri bolan «Ahalteke bedewi–biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Atda wepa-da bar, sapa-da», «Gadamy batly bedew» atly dürdäne kitaplarynda bu gymmatlygyň gelip çykyşy we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin beýan edilýär.

Mugallymlarymyz hem-de talyp ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň ajaýyp kitaplaryndan ugur alyp, bilimini artdyryp, özleriniň döredijiligini berkitýärler hem-de kämilleşdirýärler. Şol döredijilik eserlerden Yhlas Allanazarowyň “Behişdi bedewler”, Şöhle Bakkalowanyň “Dost-doganlyk Watanym”, Ahat Mälikowyň “Ahalteke”, Kakageldi Patdykowyň “Dostluk”, Toýlymyrat Jumamyradowyň “Parahatçylygyň nyşany”, Söhbet Seýidowyň “Bedewiň waspy” atly eserleri has tapawutlanýar. Bu eserlerden başga-da zehinli talyp ýaşlarymyz, ussat mugallymlarymyz ýurdumyzyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparyna bagyşlap birnäçe ajaýyp eserleri döredipdirler. Olardan Ogultäç Çarykulyýewanyň “Galkynyş topary”, Rahmetjan Nurmedowyň “Galkynyş topary” atly eserlerini agzamak bolar. Talyp ýaşlarymyz özleriniň döreden eserlerinde «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazanan ýeňişlerini hem-de ahalteke bedewleriniň halkara derejesindäki taryhy üstünliklerini görkezmegi başarypdyrlar. Sergide görkezilen mugallymlarymyzyň we talyplarymyzyň döredijilikli eserleri hünär aýratynlyklarynda toplan bilim derejesini açyp görkezdi.

Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, alan bilimlerimizi açyp görkezmäge, döredijilikli zähmet çekmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!



Oguljan ANNAMÄMEDOWA



Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyby