PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ TÜRKMENISTANYM


PARAHATDYR DIÝARYM EZIZ TÜRKMENISTANYM

Mary şäherindäki Jemagat hojalygy orta okuw hünär mekdebinde Mary welaýat kitaphanasy tarapyndan “Parahatdyr Diýarym eziz Türkmenistanym” atly göçme kitap sergisi gurnaldy. Kitap sergide Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri”, “Atda wepa-da bar, sapa-da bar”, “Ömrümiň manysy”, “Ömrümiň manysynyň dowamaty”, “Parahatçylyk sazy, dostluk doganlyk sazy”, “Garaşsyzlyk–bagtymyz”, “Türkmenistan–Bitaraplyk mekany”, “Enä tagzym–mukaddeslige tagzym”, “Türkmenistan–Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly eserleri, Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň “Magtymguly–dünýäniň akyldary”, “Änew–müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet”, “Magtymguly dünýä akyldary”, “Ýaşlar Watanyň daýanjy”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň şanly menzilleri” atly edebiýatlardan gurnalan bu adamzat üçin bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklar bolan kitaplar barada Jemagat hojalygy orta okuw hünär mekdebiniň talyplary bilen bilelikde söhbetdeşlik geçirildi.

Geljegimiz bolan ýaşlara, bütin halkyna edýän taýsyz tagallalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň jöwher paýhasyndan çykan eserleriniň sany köp bolsun, il-ýurt bähbitleri işleri mundan beýläkde rowaç alsyn!