BAÝRAMÇYLYKDA GÖÇME SERGI


BAÝRAMÇYLYKDA GÖÇME SERGI

Türkmen halky däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Bedew baýramyny uly dabara bilen belleýär. Bu baýramçylyga bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde giňden bellenilip, dürli çäreler-dabaralar geçirilmegi birnäçe günläp dowam edýär. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň guramagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabaranyň çäklerinde Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýi göçme sergisini gurady. Sergide H.Rejepowyň «Badhyz», S.Pürliýewiň «Miras», M.Ýagşymyradowyň «Ahalteke bedew, Melehan», M.Kakabaýewyň «Türkmen gyjaklary», A.Taganowyň «Bezeg güldan», S.Muhammedowanyň «Tawus», Bahar Annagulyýewanyň «Deňiz» ýaly birnäçe sungat eserleri dabara gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.