BAŞ SAGLYGYM–ALTYN JYGAM
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin Des-indäki kitaphana şahamçasynyň guramagynda Aşgabat seýilgähinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli «Baş saglygym–altyn jygam» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramak, şahsy arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, bedenterbiýäniň, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, sagdyn bedende sagdyn ruhuň emele gelmegi üçin sport bilen meşgullanmagyň zerurdygy, munuň üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilýändigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Bütindünýä saglyk güni mynasybetli ynsan saglygy bahasyna ýetip bolmaýan baýlyk bolup, bu baýlygy aýap saklamak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berk berjaý etmekligiň zerurdygyny belläp geçdiler. Söhbetdeşligiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.