BITARAPLYK SYÝASATY-GELJEK NESILLERIŇ ASUDALYGYNYŇ KEPILI
«Gökdepe» milli muzeýi, «Miras» teleýaýlymyna muzeý, bilim ulgamynyň hünärmenleriniň hem-de etrap ýaşlar guramanyň hünärmenleriniň gatnaşmagynda 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli ýörite Bitaraplyk syýasatynyň ähmiýeti dogrusynda özara gürrüňdeşlik geçirip, tegelek stoluň başynda ýazgy ýazyldy. Ýazgynyň dowamynda her bir hünärmen bu gün asuda, erkana döwletde halal zähmet çekmekleriniň esasy özeninde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Bitaraplyk syýasatynyň manysynyň çuňňurlygyna aýratyn ähmiýet berildi.
Ýazgynyň dowamynda muzeýiň gaznasynda saklanylýan gymmatlyklardan «Bitaraplyk syýasaty-geljek nesilleriň asudalygynyň kepili» atly ýörite wagtlaýyn sergi gurnaldy. Serginiň esasyny türkmen halkynyň baý milli mirasynyň esasy esbaplary bolan türkmen milli şaý-sepleriniň giň toplumy bezeýär.
Bu günki ýazgynyň esasy maksady hem 2025-nji «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, Bitaraplyk syýasatymyzyň türkmen halkynyň asuda, parahat durmuşda ýaşamagynda tutýan belent ornunyň waspyny dabaralandyrmak bolup durýar.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzyň medeniýetine we sungatyna, muzeýler ulgamyna uly üns berýär. Munuň üçin Hormatly Prezidentimize, Türkmen halkynyň Milli Liderine alkyşlarymyzyň çägi ýok.
Ýurdumyzda muzeý esbaplaryny ylmy taýdan öwrenmek, rejelemek, muzeý toplumlarynyň sanyny artdyrmak işlerine uly mümkinçilikler döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, başy dik, il–ýurt bähbitli tutumly işleri hemişe rowaç bolsun.
