TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ MASLAHATY
12-nji aprelda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň sekizinji maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň birnäçesine seredildi we kabul edildi. Kabul edilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary milli parlamentiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda geçirilen deslapky ara alyp maslahatlaşmalaryň netijesinde işlenilip taýýarlanyldy.
“Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň täze beýanynyň taslamasy deputatlaryň garamagyna hödürlenen taslamalaryň ilkinjisi boldy. Çykyş edenler kanun taslamasynyň “Türkmenistanyň Kazyýet ulgamyny ösdürmegiň 2022-2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasyny” durmuşa geçirmek, halkara tejribäni göz öňünde tutup, milli kazyýet ulgamyny, kazyýet önümçiligini kämilleşdirmek maksady bilen taýýarlanandygyny bellediler. Şeýle-de ol Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, ýurdumyzda kazyýet dolandyryşyny amala aşyrýan kazylaryň işiniň guramaçylyk-hukuk binýadyny, kazylary wezipä bellemegiň we ondan boşatmagyň tertibini, olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär. Kazyýet kanunçylygynyň döwrüň talabyna görä kämilleşdirilmegi bilen baglylykda, giň düşünjeli, zerur hünär endiklerine eýe bolan, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak möhüm wezipeleriň biridir. Şoňa görä, bu ugurda kämil hünärmenleri taýýarlamak ýurdumyzyň kazyýet ulgamyny özgertmegiň esasy ugurlarynyň hataryndadyr. Sebäbi kazylaryň wezipe ygtyýarlyklaryny jogapkärçilikli ýerine ýetirmeginiň netijeliligi köp babatda işgärleriň hünär derejesine bagly bolup durýar.
«Türkmenistan» gazeti