BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI


BITARAPLYK–PARAHATÇYLYGYŇ KEPILI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edilen 2025-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramasy bolan Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen netijeli hyzmatdaşlygy alyp barýar.

Türkmenistanyň halkara giňişlikdäki daşary syýasy üstünlikleri hem-de netijeli hyzmatdaşlygy ýurdumyzyň oňyn tejribesine, ilkinji nobatda, Bitaraplyga we öňüni alyş diplomatiýasyna bolan gyzyklanmalaryň ýokarlanmagyna getirdi. Häzirki wagtda ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk halkara baýramçylygyna toýlamaga taýýarlanýar. Bu waka mynasybetli Türkmenistanda birnäçe çäreleri, duşuşyklary, maslahatlary guramak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde «Bitaraplyk–parahatçylygyň kepili» atly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň alyp baryjysy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň Mahabat we neşir işleri bölüminiň müdiri Bossan Ataýewa. Şol duşuşykda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň müdiri, filosofiýa ylymlaryň kandidaty, professor Atajan Burunow, «Edebiýat we sungat» gazetiniň habarçysy, şahyr Süleýman Ilamanow hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň esasy hünärmeni Aýjahan Muhammedowa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyz sebitde dost-doganlygyň, agzybirligiň, ynsanperwerligiň ýurdy hökmünde uly abraýa eýe bolandygy barada nygtadylar.

Duşuşyga gatnaşyjylar öz çykyşlarynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hemişelik Bitarap döwletimiziň halkara derejesinde abraý-mertebesiniň belende galmagynda alyp barýan belent maksatly işlerinde rowaçlyklary arzuw etdiler.