TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE ÄGIRT ULY KUWWATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR


TÜRKMENISTAN BÜTINDÜNÝÄ SERGISINDE ÄGIRT ULY KUWWATYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «EKSPO-2025» sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy

14-nji aprelda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýa saparynyň çäklerinde «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň «EKSPO-2025» sergisine gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.

Bütindünýä «EKSPO» sergisi ýurtlary, kompaniýalary we guramalary öz gazananlary, täze tehnologiýalar, medeniýetler bilen tanyşdyrmak üçin bir ýere jemleýän özboluşly halkara çäredir. Ilkinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi. Şondan bäri hem bu gözden geçirilişler tejribe alyşmak, gazanylan üstünlikler bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.

«EKSPO-2025» Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň 13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Uzynlygy 2 kilometre golaý, ini 30 metr, beýikligi 12 metrden 20 metre çenli ýetýän uly halka şekilindäki agaç desga sergi toplumynyň esasy bölegi bolup durýar. Desganyň içinde esasy pawilýonlar, şol sanda milli pawilýonlar, şeýle hem halkara guramalaryň, iri kompaniýalaryň pawilýonlary ýerleşýär. Osaka sergisi «Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris» diýen esasy mowzukda guralyp, ol «Durmuşy halas etmek», «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek», «Durmuşy birleşdirmek» atly üç kiçi mowzuga bölünýär. Bütindünýä sergisiniň «Durmuşy halas etmek» mowzugynda saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» mowzugy tehnologiýalaryň, bilimiň we innowasiýalaryň adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýetirýän täsiri bilen tanyşdyrýar. «Durmuşy birleşdirmek» mowzugynda bolsa medeniýete, bilelikdäki döredijilige üns berilýär.

«Türkmenistan» gazeti