ÝAPONIÝANYŇ OSAKA ŞÄHERINDE «EKSPO-2025» BÜTINDÜNÝÄ SERGISI AÇYLDY


ÝAPONIÝANYŇ OSAKA ŞÄHERINDE «EKSPO-2025» BÜTINDÜNÝÄ SERGISI AÇYLDY

2025-nji ýylyň 13-nji apreli 13-nji oktýabry aralygynda Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisiniň Milli pawilýonynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryndaky Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçirilýän «EKSPO-2025» Bütindünýä sergisinde hemişelik Bitarap ýurdumyzyň ösüş kuwwatyny, ähli pudaklarynda gazanylan üstünliklerini halkara derejesinde dabaralandyrýan Türkmenistanyň milli pawilýonynda «Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek» ady bilen şöhlelendirilýär. Gözel şäheriň sergiler üçin niýetlenen ajaýyp binasy üç gatdan ybarat bolup, birinji gatynda bedew batly ýurdumyzyň ösüşlerini görkezýän gaýybana syýahat özboluşly türkmen medeniýeti bilen tanyşmaga uly mümkinçilik döredýär. Binanyň ikinji gatynda bolsa, energetika, senagat, lukmançylyk, bilim we sport ulgamlarynda gazanylan üstünliklerini görkezmek göz öňünde tutulan. Ajaýyp desganyň üçünji gatynda ýerleşdirilen gymmatlyklarymyz bolsa sergini görmäge gelen myhmanlaryň türkmen halkynyň baý medeni-mirasy bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik berýär.

Sergi 184 gün dowam eder. Şu wagtyň dowamynda bu iri forum ýurdumyzyň medeniýeti, taryhy, ykdysadyýeti, şeýle hem soňky ýyllarda innowasion ösüşde, esasan-da, Arkadag şäheriniň gurluşygynda gazanylan tejribeler bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Onuň çäklerinde sergä gatnaşyjylary milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklaryndaky, ýagny gurluşykdaky, energetikadaky, senagatdaky, ulag-aragatnaşykdaky maýa goýum taslamalary bilen tanyşdyrmaga hem aýratyn üns berilýär.

Serginiň dabaraly açylyşyndan bir gün soňra ýurdumyzyň milli medeniýet güni dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Türkmenistan sergä gatnaşýan 160 ýurduň arasynda bu hormata ilkinji mynasyp bolan ýurtlaryň biridir. Çäräniň dowamynda myhmanlaryň ýurdumyz barada giňişleýin maglumat almaklary täsin arheologik eksponatlaryň, ekologik taýdan arassa dokma önümleriniň sergisi, Watanymyza wirtual syýahat, milli tagamlar we aýdym-sazlar göz öňünde tutuldy. Şeýlelikde, Osakada Türkmenistanyň milli pawilýony gapysyny giňden açdy.

Sergide Türkmenistanyň Döwlet medeniýet toplumynda, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň milli gymmatlyklarynyň naýbaşy nusgalary bolan milli şaý-sepleriň birnäçe görnüşleri, Türkmeniň milli ak öýüni, ahalteke bedewleri, düýe mallaryny bezemekde ulanylan haly we haly önümleriniň ajaýyp nusgalary, häzirki zaman zergärçilik we heýkeltaraşlyk sungatynyň ajaýyp eserleri, türkmen milli saz gurallary görkezilendir. Şeýle-de, serginiň dowamynda Aşgabat şäheriniň golaýynda ýerleşýän Nusaý galasyndan tapylan b.e.öň III-b.e III asyry aralygyndaky taryhy döwür bilen senelenýän arheologiki tapyndylaryň nusgalaryny görmek bolýar. Mundan başga-da, mawy ekranyň ýüzünde türkmen medeniýetine, sungatyna, taryhyna degişli wideo şekiller görkezilýär.