MILLI MIRASYŇ TERBIÝEÇILIK GÜÝJI
Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň 28-nji orta mekdebiniň okuwçylary bilen milli mirasymyzy ýaş nesillere wagyz etmek maksady bilen «Milli mirasyň terbiýeçilik güýji» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşligiň dowamynda medeni mirasymyzyň gadymylygy, terbiýeçilik ähmiýeti barada täsirli gürrüňler edildi. Aýratyn-da geljekki türkmen maşgalalarynyň eýeleri bolan gyzjagazlar bilen ene-mamalarymyzdan miras galan milli el-işlerimiz, däp-dessurlarymyz, ýol-ýörelgelerimiz, olaryň nesil terbiýesindäki ähmiýeti barada gyzykly gürrüňdeşlik boldy. Söhbetdeşlige Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyp-ýaşlary hem ajaýyp aýdym-sazlary bilen gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda medeni mirasymyzy, milli ýörelgelerimizi, gymmatlyklarymyzy ýaş nesillere giňişleýin wagyz etmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

