DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
Eziz Diýarymyz beýik ösüşlere beslenýär, şanly wakalar halkymyzyň ruhuny belende göterýär, kalplary joşdurýar. Ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýokarlandyrmak, olaryň arasynda ykdysadyýetimiz bilen bir hatarda sazlaşykly ösýän milli medeniýetimize we sungatymyza, şeýle hem türkmen edebiýatyna bolan höwesini artdyrmak maksady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň gurnamagynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda duşuşyk geçirildi. Oňa ýaş şahyrymyz Arkadag şäher Gorjow etrap häkimliginiň baş hünärmeni Meýlis Ataýew şeýle hem Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň döredijilik bilen meşgullanýan talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda çykyşlara giň orun berlip, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillerimizi watançylyk, ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, millilik ruhunda terbiýelemekde, olaryň ylym, bilim, döredijilik ukyplaryny açyp görkezmekde alnyp barylýan işler dogrusynda täsirli gürrüňler edildi.
Duşuşygyň ahyrynda ýaşlaryň şu günki bagtyýar durmuşy ertekilerdäki durmuş hakykatyny ýatladýar. Şeýle hakykaty amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlaryň hoşallyklary çäksizdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, döwlet ähmiýetli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!