PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM


PARAHATDYR DIÝARYM, EZIZ TÜRKMENISTANYM

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphanasynyň guramagynda Türkmenaragatnaşyk agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebinde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli «Parahatdyr Diýarym, eziz Türkmenistanym» atly göçme kitap sergi gurnaldy.

Göçme kitap sergide Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwletimiziň umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmekde hem-de dünýä ýaýmakda möhüm ähmiýete eýedigi barada gürrüň berdiler. Şeýle-de sergide Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleri we Gündogaryň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň terbiýeçilik ähmiýetli eserleri, mundan başgada Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini, goşgularyny çuňňur öwrenmäge, olary sergilerimiziň üsti bilen ýaşlara ýetirmäge, giň mümkinçilikleriň döredilýändigi barada söhbet etdiler. Çäräniň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.