YNSAN SAGLYGY-DÖWLETIMIZIŇ BAŞ GYMMATLYGY


YNSAN SAGLYGY-DÖWLETIMIZIŇ BAŞ GYMMATLYGY

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň «Ynsan saglygy-döwletimiziň baş gymmatlygy» ady bilen sergi gurnaldy. Bu guralan kitap sergisinde ýurdumyzda türkmen sportunyň ösüşi, gözel paýtagtymyz Aşgabatda we beýleki welaýatlarda guralan sport desgalary hem-de beýleki spordyň dürli görnüşleri hakynda ýazylan edebiýatlar goýuldy. Öz bilişimiz ýaly, bu günki gün türkmen sporty dünýä çykýar. Biziň türgen oglan-gyzlarymyz ähli ýurtlarda geçirilýän dürli çempionatlara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.