GYZ GÖZELLIGI EDEBINDE
Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2025-nji “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Her bir ýurdyň bagtyýarlygy, abadançylygy ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladalardan gözbaş alýar” diýen ajaýyp jümlelerinden ugur alnyp, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini, döwletli durmuşymyzy wagyz etmek, şeýle hem Türkmenistanda Gender deňligi boýunça 2021-2025-nji ýyllar üçin Hereketleriniň Milli Meýilnamasynyň çäklerinde ýaşlarymyzyň Gender deňligi barada düşünjesini artdyrmak maksady bilen geçirilýän “Gyz gözelligi edebinde” atly wagyz-nesihat çäresi Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde guramagynda wagyz-nesihat çäresi dabaraly geçirildi. Maslahatyň dowamynda sergiler guralyp, aýdym-saz bilen utgaşyp çäräniň şuwhunyny has-da dabaralandyrdy. Çykyşlaryň dowamynda ýaşlarymyzyň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri, ýaş nesli watansöýüjilik, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde Berkarar Watanymyzda alnyp barylýan işleri, durmuşa geçirilýän özgertmeler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar we hoşallyk sözleri ýaňlandy.


