KONSERWATORIÝANYŇ TALYPLARY SUNGATYMYZY, TARYHYMYZY, MILLI MIRASYMYZY ÖWRENMEK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY DIL, EDEBIÝAT WE MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTYNDA MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR


KONSERWATORIÝANYŇ TALYPLARY SUNGATYMYZY, TARYHYMYZY, MILLI MIRASYMYZY ÖWRENMEK MAKSADY BILEN TÜRKMENISTANYŇ YLYMLAR AKADEMIÝASYNYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY DIL, EDEBIÝAT WE MILLI GOLÝAZMALAR INSTITUTYNDA MYHMANÇYLYKDA BOLDULAR

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphanasynyň gurnamagynda konserwatoriýanyň “Kompozisiýa, fortepiano, sazşynaslyk” fakultetiniň 1-nji ýyl talyplarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, Edebiýat we Milli Golýazmalar Institutyna bardylar we bölümleri bilen tanyş bolup söhbetdeşlik geçirildi. Şeýle çäreleriň gurnalmagy Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Ýaşlar- Watanyň daýanjy” atly kitabyndaky :”Okamak-bereket, ýazmak-kuwwat, döretmek döwletdir” diýerdiler. Köp kitap okamak, esasanam, gowy kitaplary gaýta-gaýta köp okamak ynsanyň döredijilikli pikirlenmesini artdyrýar.Tarpdan döreýän şahyr, ýazyjy, döredijilik işgäri ýok. Alan tejribäme hem durmuş tejribäme esaslanyp, şeýle netije çykarýaryn: edebiýatçy bolmak üçin hem ylym-bilim, sowat gerek. Köp okamaly, köp diňlemeli. Köp bilip, az gürläp, sözleriňi, sözlemleriňi gunt düşen ýaly ykjamlamaly, Ylymdan hem durmuş tejribesinden ýüküň ýetik bolmaly..” diýen parasatly setirlerinden ugur alyp talyp ýaşlaryň kitaba bolan höwesini döretmek, ylym-bilimleri artdyrmak maksadyna esaslanýar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, Edebiýat we Milli Golýazmalar Institutynyň “Türkmen edebiýaty we edebi gatnaşyklar” bölümi talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Bu bölümde türkmen edebiýatynyň meselelerini içgin yzarlaýar, XX asyryň türkmen edebiýatynda ýüze çykan ylmy we edebi täzelikleri öwrenilýär.Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýatynyň dürli ugurlaryny açyp görkezýän ylmy meseleleri derňemek bilen, onuň özboluşly aýratynlyklaryny ýüze çykarýar we Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň edebiýatynyň döredijilik gözleglerini derňemek bilen baglanyşykly meseleleriň üstünde ylmy işleri alnyp barylýar. Bölümiň esasy wezipesi häzirki zaman eserleriniň çeperçilik taýdan ösüşini we kämilleş işini ylmy nukdaýnazardan seljermekden, ýazyjy-şahyrlaryň ömri we döredijiligini düýpli öwrenmekden ybarat bolup durýar. Bu bölümiň hünärmenleri şahyr Gara Seýitliýewiň döredijiligi hakynda, onuň goşgularyna birnäçe aýdymlaryň döredilenligi, şeýle hem ol ussat şahyr hökmünde tanalýanlygy hakynda giňişleýin gürrüň berdiler. Talyplar bu bölümde özlerini gyzyklandyrýan soraglary berip sorag-jogap arkaly pikir alyşdylar.

Institutyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminde sözleriň, adalgalaryň manylary, olaryň many gatnaşyklarynyň meseleleri çuňňur öwrenilip, düşündirişli, iki dilli, adalgaşynaslyk we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri, şeýle-de, orfoepik, orfografik we frazeologik sözlükleri düzmekligiň üstünde iş alnyp barylýar. Mundan başga-da, türkmen edebi dilini kämilleşdirmek maksady bilen, dili kadalaşdyrmagyň dürs ýazuw, dürs aýdylyş meseleleri öwrenilýär hem-de edebi aýdylyşyň, edebi söz ulanylyşyň, grammatikanyň, stilistikanyň düzgünleri yzygiderli kämilleşdirilýär. Bu bölüm barada sözleriň, adalgalaryň manylary, olaryň many gatnaşyklarynyň meseleleri çuňňur öwrenilip, pudaklaýyn we kesp-kär, hünär bilen baglanyşykly sözlükleri hem-de iki dilli sözlükleri düzmegiň üstünde işlenilýänligi barada bölümiň müdiri filologiýa ylymlarynyň kandidaty Gylyjow Ata giňişleýin gürrüň berdi. Institutyň “Häzirki zaman türkmen dili we taryhy” bölümi türkmen diliniň fonetikasynyň hem-de grammatikasynyň wajyp meselelerini çuňňur we hemmetaraplaýyn öwrenýär. Bu bölüminiň hünärmeleri türkmen dilini şu günki ýagdaýynda öwrenmek bilen ugurdaşlykda, onuň taryhy köklerini, asyrlar boýy geçen ýollaryny, beýleki diller bilen gatnaşyklarynyň esasynda galdyran yzlaryny, türkmen diliniň özge dillere ýetiren täsirini, garyndaş dilleriň arasyndaky dil umumylyklaryny, diliň sözlük düzümini, seslerini, sözleriň we sözlemleriň gurluşynyň ösüş basgançaklaryny döwrüň ösen talaplary nukdaýnazaryndan derňeýänligi barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Institutyň “Tekstologiýa we edebi miras” bölüminde institutyň golýazmalar hazynasynda saklanýan ygtybarly golýazmalar, şol sanda ylmy saparlar netijesinde daşary ýurtlaryň meşhur kitaphanalaryndan, muzeýlerinden, golýazma hazynalaryndan getirilen türkmen edebiýatyna, diline, medeniýetine, taryhyna degişli golýazmalaryň surat nusgalary esasynda degşirme, deňeşdirme-taryhy seljerme usullary arkaly ylmy-barlag işleri, ylmy-populýar we tankydy tekstler neşire taýýarlanylýar.

“Türkmen taryhynyň golýazma çeşmeleri” bölüminde institutyň golýazmalar hazynasynda saklanýan, şol sanda daşary ýurtlara gurnalan ylmy saparlar netijesinde dünýäniň meşhur kitaphanalaryndan, muzeýlerinden, golýazma hazynalaryndan getirilen türkmen halkynyň gadymy, orta asyrlar, XVII-XVIII, XIX asyrlaryň taryhyna dahylly türkmen, arap we pars dilli golýazmalar öwrenilýär.Bu bölümiň hünärmenleri „Taryhlaryň nyzamy“, „Wezirleriň öçmejek yzlary“, „Taryhlaryň gaýmagy“, „Gymmatly göwher”, “Kutupşalaryň taryhy” (I,II jiltleri), „Wakalar we terjimehallaryň dürdäneleri”, „Bihabarlara ömür habarlary” (I,II jiltleri), „Hökümdarlyk işinde türkilere berlen sowgat”, „Soltanlyk we halypalyk berlen adamlaryň ylham çeşmesi”, „Döwletleriň habarlary we öňkileriň galdyran yzlary” ýaly türkmen halkynyň taryhyna çeşmelik bolup hyzmat etjek arap hem pars dilli birnäçe golýazma çeşmeleri türkmen diline terjimesiniň bardygyny gürrüň berdi.

Institutyň “Halk döredijiligi” bölümi türkmen halk döredijiliginiň nusgalarynyň iň gadymy döwürden başlap ähli görnüşlerini toplaýar we ylmy barlaga çekýär. Halk döredijilik eserleriniň döwre görä döreýiş hem ösüş aýratynlyklaryny ylmy esasda ýüze çykarýar. Halk döredijiliginiň nusgalarynyň dürli görnüşlerini telewideniýe-radio, gazet-žurnal makalalarynyň üsti bilen wagyz edýär, ylmy kitaplary hem-de kitapçalary çapa taýýarlaýar we halk köpçüligine ýetirýär. Bölümde türkmen halkynyň gadymy döwürlerden bäri döreden ruhy, medeni gymmatlyklary bolan halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini düýpli derňäp, olary ylmy dolanyşyga girizýär. Halk döredijiliginiň nusgawy edebiýata täsirini öwrenmek maksady bilen, ýazyjy-şahyrlarymyzyň halk döredijiligi eserlerinden peýdalanyşyny, öz eserlerinde olaryň ulanylyş gerimini, tärlerini, däplerini öwrenýär we ýazuwly edebiýat bilen halk döredijiligi eserleriniň gatnaşygyny ýüze çykarýar. Bu bölümiň müdiri Güljeman Gummanowa halk döredijiligine degişli bolan Läleleriň, monjugatdylaryň , küşdepdileriň taryhy barada we ylmy esasda öwrenilýändigini giňişleýin gürrüň berdi.

Institutyň “Ylmy teswir we gözegçilik” bölüminde golýazmalar hazynasyndaky gadymy gündogar golýazmalaryň kartotekasy düzülip, olary kompýuterleşdirmek we diskanirlemek işleri alnyp barylýar. Golýazmalar hazynasynda saklanýan arap, pars we türkmen dillerindäki Gündogar golýazmalarynyň ylmy teswiri düzülýär. Teswirlerde eserleriň ýazarlarynyň atlary, tahalluslary, kätipleri, eýeleri, terjimeçileri, seneleri, golýazmalaryň hatlarynyň görnüşleri, mowzuglary, bagyşlanyp, ýa-da sargyt edilip ýazylandygy, ýazylan we wakf edilen ýerleri, wakf ýa-da şahsy möhürler we beýleki dürli bellikler hakynda gysgaça maglumat berilýär. Golýazmanyň kagyzynyň nirede öndürilendigi, golýazmanyň hatynyň görnüşi, golýazmanyň waragynyň ininiň, boýunuň we metiniň ölçegi görkezilýär. Bölümiň işgärleri golýazmalaryň waraklarynyň zaýalanmazlygy, syýalarynyň bozulmazlygy, listleriniň dürli zyýanly mör-möjeklerden goralyp saklanmagy üçin golýazma hazynasyny kadaly howa şertleri bilen üpjün edilmegine, gymmatly golýazmalaryň zyýanly tozanjyklardan arassalanmagyna gözegçilik edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Dünýäniň taryhynda halkymyzyň mynasyp orny bar. Şonuň üçin türkmen halky örän gadymy taryhyň we baý medeni mirasyň eýesidir. Parasatly ata-babalarymyzdan bize miras galan milli däp-dessurlarymyzy aýap saklamak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirýäris” diýen parasatly jümlelerinden ugur alyp taryhymyzy, milli medeniýetimizi, mirasymyzy, däp-dessurlarymyzy içgin öwrenip geljekki nesillere ýetirmek biziň mukaddes borjumyzdyr.

Ýaş nesillere okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak , tutýan tutymly işleri rowaçlyklara beslensin.

Maral NURYÝEWA



Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kitaphana müdiri