EZIZ DIÝAR ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR


EZIZ DIÝAR ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Büzmeýin kitaphana şahamçasynyň guramagynda «Magtymguly Pyragy» medeni seýilgäh toplumynda «Eziz diýar ösüşlere beslenýär» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş edenler Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan ýurdumyz beýik ösüşleriň, bagtyýarlygyň mekanydygyny, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda halk bähbitli we umumadamzat ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de Watanymyzyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty öz gözbaşyny hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan alyp gadýan Bitaraplyk ýörelgeleri pederlerimiziň parahatçylyk, asuda, abadan durmuş hakyndaky isleg-arzuwlarynyň wysalydygy barada söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda baky Bitaraplygymyzyň mizemez binýadyny düýpli berkidýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.