PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR


PARAHATLYK GELJEGE IŇ MUKADDES MIRASDYR

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Aman Kekilow adyndaky kitaphana şahamçasy bilen Bagtyýarlyk Medeniýet köşgi hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebiň bilelikde guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Parahatlyk geljege iň mukaddes mirasdyr» ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde Bitaraplyk bütin dünýäde parahatçylygy ündeýän halklary dost-doganlyga, agzybirlige çagyrýan hem-de ynsanperwerligi wagyz edýän ýörelgelerimizi dünýä ýaýýan taglymatdygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de parahatçylyk we ynanyşmak ýollary hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň özenini, parahatçylykly ýollary ösdürmegiň esasyny düzýändigi, Bitaraplyk we Garaşsyzlyk biziň her birimiz üçin egsilmez buýsanç çeşmesidigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda halkara giňişliginde hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjilikli syýasaty dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.