KITAPHANA-RUHY HAZYNA


KITAPHANA-RUHY HAZYNA

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda «Aşgabat» teleýaýlymy, Türkmen Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary we mugallymlary bilen bilelikde «Kitaphana-ruhy hazyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde çykyş eden talyplar we mugallymlar Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli künjeklerinde birnäçe döwrebap kitaphanalar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berlip, ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ylymly-bilimli, ösen we giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmeklerinde uly orna eýe bolup durýar diýip söhbet etdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça kitaphanalaryň öňünde durýan wezipeler hakynda aýdyp geçmek bilen, kitaphanalaryň işini täzeçe guramagyň derwaýys mesele bolup durýandygyny nygtadylar. Sebäbi, döwletiň hemme taraplaýyn ösmeginde kitaphanalar esasy ruhy baýlyk bolup durýar.

Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işlerinde üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.